JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medal bilen sylaglandy

«Oguz han» köşkler toplumynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny we ýadygärlik nyşanlar toplumyny gowşurmak dabarasy boldy.

Dabarada Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararyny okady.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şeýle hem Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, B.Gündogdyýew dabara gatnaşyjylaryň, ýurduň diplomatik gullugynyň işgärleriniň hem-de harby we hukuk goraýjy edarlarynyň ähli şahsy düzüminiň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglanmagy hem-de täze kitabynyň çapdan çykmagy mynasybetli gutladylar.

Related posts

Oba hojalygy: miwe we gök önümleriň önümçiligi

Platini ýene-de futbola dolandy

vepa

Şoför vizeli yabancının tescili

vepa