DÜNÝÄ

Köp sanly raýatlara we daşary ýurtlulara «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşany gowşurylýar

Türkmenistanyň Prezidenti şu gün Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda döwlet Baştutany Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň raýatlaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşany bilen sylaglamak hakyndaky resminamalara gol çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň raýatlarynyň uly topary, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurt raýatlarynyň bir topary Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli  «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly hem-de ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglanyldy.

Related posts

Ahal welaýatynda 4 gatly ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi

Kasym-Žomart Tokaýew: Hazarýaka döwletleriniň azyk merkezini döretmegi teklip etdi

Ata Watan Eserleri

Ýerli halk mas­la­hat­la­ry­nyň ag­za­la­ry­nyň we Mej­li­siň deputatlarynyň saý­law­la­ry bel­le­nildi

Ata Watan Eserleri