DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Ilçihanasy Duşenbede geçirilen halkara festiwala gatnaşdy

Duşenbe şäherinde “Gündogar-Günbatar: GDA-nyň medeni giňişliginde aýdym-saz däpleri we ýewraziýa halk sungaty” atly Halkara festiwaly geçirildi. Sergi meýdanynda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan sergi burçy guraldy.

Sergä gatnaşyjylar türkmen halkynyň medeni gymmatlyklary, milli halylar we keşdeler, şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleri we Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda häzirkizaman gazananlaryny görkezýän maglumatlar bilen tanyşdylar.

Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet ministrligi tarapyndan gurnalan bu çärä ýurtda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, habar beriş serişdeleriniň, ylmy intelligensiýanyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şeýle hem Täjigistanyň we daşary ýurtlardan döredijilik toparlary gatnaşdy.

Halkara festiwalyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasy Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň diplomy bilen sylaglandy.

Related posts

Baş Assambleýanyň 77-nji mejlisiniň başlygy saýlandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti resmi sapar bilen Moskwa geldi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan, Owganystan we Gazagystan iri logistika merkezini döreder