BIZNES

Özbegistanda 42,75 milliard kubmetr tebigy gaz öndürildi

2023-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Özbegistanda 42,75 milliard kubmetr tebigy gaz öndürildi. Özbegistanyň Statistika edarasynyň habaryna görä, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, tebigy gazyň önümçiligi 9,64 göterim azaldy.

Hasabat döwründe Özbegistanyň nebit önümçiligi 1,67 göterim azalyp, 709,3 müň tonna barabar boldy. Şeýle hem degişli hasabat döwründe gaz kondensatyň 1,09 million tonnasy öndürildi.

Ýanwar-noýabr aýlarynda Özbegistanyň tebigy gaz eksporty 509,03 million dollara deň boldy.

Şeýle hem ýanwar-noýabr aýlarynda ýurduň iri kärhanalary tarapyndan 5,73 million tonna kömür gazylyp alyndy.

Related posts

Bäsleşikli söwda: döwlet eýeçiligindäki desgalar hususylaşdyrylar

Türkmenistanyň paýtagtynda Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) edarasy açyldy

Halkara pul gaznasynyň wekilleri bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi

Ata Watan Eserleri