ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen üstünlikli telefon söhbetdeşligini geçirendigini mälim etdi. Gepleşikleriň dowamynda Russiýadan ABŞ-nyň we halkara bazarlaryna dizel ýangyjynyň iberilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
«Men ýaňy-ýakynda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen üstünlikli gepleşikleri tamamladym. Gepleşikleriň netijesinde Russiýanyň ABŞ-nyň we halkara bazarlaryna haýal etmän 300 müň tonnadan gowrak dizel ýangyjyny, noýabr aýynyň dowamynda ýene 500 müň tonna, şondan soň bolsa dessine 1 million tonna dizel ýangyjyny ibermegi barada ylalaşyk gazanyldy» diýip, Tramp özüniň “Truth Social” sosial ulgamyndaky sahypasynda ýazdy.
Tramp Russiýa Federasiýasynyň mundan soň hem gysga wagtyň içinde goşmaça 3 million tonna dizel ýangyjyny eksport etjekdigini belledi.
Russiýanyň Prezidentiniň bellemegine görä, telefon söhbetdeşliginiň dowamynda Ukrainadaky ýagdaýlaryň parahatçylykly ýol bilen çözmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. Şeýle hem iki ýurduň liderleri Eýranyň töweregindäki ýagdaýy we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
