DÜNÝÄ

Stambulda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre

2024-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň Stambul şäherindäki Baş konsullygynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.

Geçirilen dabarada, Türkiýäniň ylmy intelligensiýasynyň wekilleri, meşhur ýazyjy-şahyrlar, syýasy-jemgyýetçilik işgärleri, türkmen diasporasynyň wekilleri, talyp ýaşlar we KHBS-i gatnaşdy.

Öz çykyşynda Türkmenistanyň Türkiýedäki Baş konsuly M.Öwezow Garaşsyzlyk ýyllarynda ähli ugurlarda ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrdy. Şeýle hem türkmen diplomaty Magtymguly Pyragynyň mirasynyň Türkmenistanyň we köp sanly döwletiň medeniýetine täsirini belläp geçdi.

Şeýle hem, dabaranyň çäklerinde ýaş poeziýa söýüjiler beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň eserlerini okadylar we şahyryň eserleriniň geljekki nesiller üçin wajypdygyny bellediler.

Gatnaşyjylar şahyryň ömri we döredijiligine bagyşlanan suratlaryň, şahyryň şygyrlarynyň ýygyndylarynyň, türkmen milli egin-eşikleriniň hem-de amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisini synladylar.

Related posts

Prezident Ärdogan Türkmenistanyň ordeni bilen sylaglandy

Ozalky daşary işler ministri wise-prezident boldy

Türkmen-Hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär

Ata Watan Eserleri