DÜNÝÄ

Türkmenistanda aklawçylaryň milli edarasy dörediler

Türkmenistanda aklawçylaryň milli edarasy dörediler. Ol Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) we Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň gol çeken «Türkmenistanda adwokatlar kollegiýasynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak» taslamasyny goldamaga goşant baradaky şertnamada göz öňünde tutulandyr.

Aklawçylar milli edarasynyň döredilmegi aklawçylaryň bähbitlerine wekilçilik etmegi we olary goramagy, Türkmenistanyň sebitlerinde we Aşgabatda aklawçylar birleşiginiň işini utgaşdyrmagy we aklawçylardan ýokary hilli hukuk kömegini üpjün edýär.

Şeýle hem aklawçylar birleşiginiň bähbitlerine degişli meseleleri çözmek-de onuň ygtyýarlyklaryna girýär.

BMG-niň ÖM-niň başlangyçlaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, şeýle hem Türkmenistanda aklawçylaryň guramalarynyň işini sanlylaşdyrmaga kömek berer.

Related posts

Türkmenistanyň ilçisi Portugaliýanyň Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdy

«Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» Dialogynyň daşary işler ministrleriniň mejlisi

Türkmenistan birnäçe ekologiýa konwensiýalaryna goşular