SPORT

Saud Arabystanydan Mourinýa teklip

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy milli ýygyndynyň tälimçisis wezipesine Žoze Mourinýony bellemek isleýär. Ispan neşiriniň habaryna görä, Saud Arabystanynyň federasiýasy belli portugal tälimçä 2 ýyllyk şertnama teklip etdi. Oňa ýyllyk 60 million ýewro aýlyk haky hem bermek teklibi öňe sürüldi.

2021-nji ýyldan bäri Italiýanyň “Roma” toparyna tälim berip gelýän portugal tälimçisiniň şertnamasy 2024-nji ýylda tamamlanýar.

60 ýaşyndaky tejribeli tälimçi “Benfika”, “Porto”, “Real Madrid”, “Çelsi”, “Mançester Ýunaýted” we “Tottenhem” ýaly Ýewropanyň öňdebaryjy futbol toparlaryna tälim berdi.

Katarda geçirilen futbol boýunça dünýä çempionatynda Saud Arabystanynyň futbol ýygyndysy Argentinanyň ýygyndysyny ýeňip, futbol dünýäsinde uly gyzyklanma döredipdi.

Related posts

“Mir” teleýaýlymy Altymyrat Orazdurdyýew barada dokumental film düşürýär

Ata Watan Eserleri

Mourinýo “Fenerbahçe” topary bilen şertnama baglaşdy

Gruziýanyň milli ýygyndysyna 10 million ýewro berildi

Leave a Comment