JEMGYÝET

Şalwa Papuaşwili: Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda uçar gatnawlaryny ýola goýmak ähmiýetlidir

Şu gün Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşan Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Şalwa Papuaşwili habarçylara beren beýanatynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary, hususan-da “Merkez geçelge” taslamasyny ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşandyklaryny belledi.

Şeýle hem ol Türkmenistanyň Prezidenti bilen medeni hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşandyklaryny belläp, Şota Rustawelliniň ýadygärligini Aşgabatda dikeltmek çözgüdi üçin Türkmenistanyň Prezidentine öz hoşallygyny bildirendigini aýtdy.

– Biz iki ýurduň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek, şeýle hem syýahatçylygy ösdürmek babatda göni uçar gatnawlarynyň ýola goýulmagynyň ähmiýetini belledik. Şota Rustawelliniň ýadyggärliginiň Aşgabatda dikeldilmeginiň gruzin medeniýetine we taryhyna goýulýan belent sarpanyň nyşanydyr – diýip, Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Şalwa Papuaşwiliniň beýanatyny ýurduň metbugat agentlikleri habar berýär.

Related posts

Türkmen Lider’den Türkiye ve Japonya’ya taziye

vepa

“Rönesans Holding” Türkmenistanda täze taslamalary durmuşa geçirmäge taýýar

Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatynda saparda bolýar

Ata Watan Eserleri