JEMGYÝET

Prezident Ärdogan Türkmenistanyň Prezidentini Oraza baýramy bilen gutlady

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Oraza baýramy mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Hususan-da bu gutlag hatynda şeýle diýilýär:

– Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňizi tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu mukaddes baýramyň dostlugyň, raýdaşlygyň we doganlygyň gymmatlygyny ýatladyp, musulman ymmatyna we tutuş adamzada parahatçylyk, asudalyk we bolelinlik getirmegini arzuw edýärin.

 

Related posts

Türkmenistanda pagta ýygymyna badalga berildi

Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň Koreýa Respublikasyna sapary

Türkmenistanyň ykdysadyýeti 6 aýda 6.2 göterim ösdi