DÜNÝÄ

Rimde türkmen-italýan hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Italiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi T.Kömekow bilen Italiýa Respublikasynyň Daşary işler we Halkara Hyzmatdaşlyk ministriniň orunbasary Edmondo Çirielliniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň noýabr aýynda Italiýa Respublikasyna amala aşyran saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde aýratyn ähmiýete we üstünlige eýe bolandygy nygtaldy. Taraplar iki ýurduň liderleriniň arasynda gazanylan ylalaşyklaryň ugurlary boýunça gatnaşyklary ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem, duşuşykda halkara guramalarynyň çäginde ikitaraplaýyn gatnaşyklary güýçlendirmek hem-de ylmy, medeni, söwda we ykdysady ugurlardaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, hususan-da degişli pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda dürli çäreleri geçirmek, medeni çäreler, hukuk binýadyny berkitmek, şeýle hem iki ýurduň ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleri guramak arkaly ikitarapalýyn hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça ädimler barada aýdylyp geçildi.

Related posts

Türkmenistan bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda ylalaşyga gol çekildi

Türkmenistan’ın Tarafsızlığının 25. yıldönümü için web sitesi açıldı

vepa

Gazagystan-Türkmenistan-Owganystan-Pakistan geçelgesi ösdüriler

Ata Watan Eserleri