JEMGYÝET

“Makul habar” elektron gazetiniň nusgalyk sany neşir edildi

Ata Watanymyz Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň baştutanlygynda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamasyny halk köpçüligine giňden wagyz etmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ornuny uludyr.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda soňky döwürde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň gerimi giňäp, döwrüň talaplaryna laýyklykda, olaryň kämil, ýagny elektron görnüşleri artdyrylýar.

Şu nukdaýnazardan, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly bilen hyzmatdaşlykda “Makul habar” elektron neşiriniň nusgalyk sany neşir edildi. Bu hepdelik neşirde ýurdumyzda durmuşa geçirilýän möhüm wakalar bilen bir hatarda dünýä täzelikleri, ykdysadyýetde, tehnologiýada we  sport ulgamynda bolup geçýän gyzykly habarlary çap etmek göz öňünde tutulýar.

“Makul habar” elektron neşiriniň nusgalyk sanynyň pdfini şu “Makul_Habar” linke basyp, ýükläp alyp bilersiňiz.

Related posts

TOPH taslamasy Owganystanda 12 müňden gowrak iş ornuny döretmäge mümkinçilik berer

Pandemiýa sebäpli nemes diline 1200 söz goşuldy

Türkmen telekeçileriniň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirilýär