SPORT

Türkmenistanyň we Germaniýanyň futbol ýolbaşçylygynyň onlaýn duşuşygy

10-njy ýanwarda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň hem-de Germaniýanyň Futbol Bileleşiginiň arasynda wideo-konferensiýa arkaly duşuşyk geçirildi.

Onuň dowamynda TFF bilen GFB-niň arasynda Türkmenistanda çagalar-ýetginjekler futbolyny hem-de tälimçilik bilimini ösdürmekde Germaniýanyň futbolunyň öňdebaryjy tejribesini durmuşa geçirmekde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen bagly bu ugurdaky işleri durmuşa geçirmekde gepleşikler geçirildi.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň çagalar-ýetginjekler futbolyny ösdürmek bilen birlikde tälimçileriň bilimini artdyrmagyň esasy ugurlaryň biri bolup durýandygyny bellemek gerek.

Taraplar ikitaraplaýyn maslahaty dowam etdirmek barada ylalaşyga geldiler.

Related posts

FIFA-nyň ýolbaşçysy Guwançmuhammet Öwekowy gutlady

Ýewropa Ligasynyň oýunlary

Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy Täjigistany ýeňdi