JEMGYÝET

Ýewro ― 2020-niň bijeleri çekildi

30-njy noýabr gijesi Rumyniýanyň paýtagty Buharest şäherinde futbol boýunça 2020-nji ýylda geçiriljek Ýewropa çempionatynyň bije çekilişik dabarasy boldy. Mälim bolşy ýaly, ozalkylaryndan tapawutlylykda, bu gezekki çempionat 12 döwletiň aýry-aýry şäherlerinde geçiriler.

Bije çekilişigiň netijeleri şeýle:

«A» toparça: Türkiýe, Italiýa, Uels, Şweýsariýa;

«B» toparça: Daniýa, Finlandiýan, Belgiýa, Russiýa;

«C» toparça: Niderlandlar, Ukraina, Awstriýa, Milletler ligasynyň «D» toparçasynyň ýeňijisi;

«D» toparça: Angliýa, Horwatiýa, Milletler ligasynyň «C» toparçasynyň ýeňijisi, Çehiýa;

«E» toparça: Ispaniýa, Şwesiýa, Polşa, Milletler ligasynyň «B» toparçasynyň ýeňijisi;

«F» toparça: Milletler ligasynyň «A» toparçasynyň ýeňijisi, Portugaliýa, Fransiýa, Germaniýa.

Şu maglumatlardan hem görnüşi ýaly, Ýewro ― 2020-niň iň agyr toparçasy «F» toparça boldy.

Ýewropa çempionatyna 2020-nji ýylyň 12-nji iýunynda Roma şäherinde boljak Italiýa ― Türkiýe duşuşygy bilen badalga berler.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Ärdogany doglan güni bilen gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisini geçirdi

Ata Watan Eserleri

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy Aşgabatdaky halkara sergi-ýarmarkasynda tanyşdyryldy