MEDENIÝET

Aşgabatdaky Puşkin teatryna maliýe kömegi

Aşgabat şäherindäki A.S.Puşkin adyndaky Rus drama teatry şu ýyl Russiýa Federasiýasyndan maliýe kömegini alar. Degişli çözgüt Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen «Daşary ýurtlardaky rus teatrlary rus medeniýetiniň instituty hökmünde» atly 4-nji halkara maslahatyň çäklerinde kabul edildi.

Aşgabatdaky teatr bilen birlikde, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlaryň rus teatrlarynyň ýene 9-sy maliýe goldawyny alarlar. Bellenişine görä, teatrlaryň enjamlaşdyrylyşyna jemi 5 million rubl we 5 million rubl hem olarda goýulýan sahna oýunlaryny maliýeleşdirmäge gönükdiriler.

Related posts

29-njy iýuldaky howa maglumaty

Ummanda tapylan 4000 ýyllyk tagta oýny

Ata Watan Eserleri

Amir Han Türkiýä geler

Leave a Comment