DÜNÝÄ

Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Hytaý» gurluşyk ministrleriniň ikinji duşuşygyna gatnaşýar

Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherindäki Prezidentiň «Ala-Arça» atly 1-nji döwlet kabulhanasynda «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatyna gatnaşyjy ýurtlaryň gurluşyk ministrleriniň ikinji duşuşygy öz işine başlady. Bu duşuşyga Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministri Abdulla Geldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşýar.

Çärä Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň wekilleri gatnaşýarlar.

Forum ykdysadyýet, infrastruktura, şähergurluşyk we gurluşyk pudaklarynda amaly hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine bagyşlanýar.

Duşuşygyň çäklerinde gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda özara tejribe alyşmak, gurluşyk pudagyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak we bilelikdäki başlangyçlary ilerletmek meselelerine üns berilýär.

Forumyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama, şeýle hem gurluşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça 2027–2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň meýilnamasyna gol çekmek meýilleşdirilýär.

Related posts

Ženewada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň duşuşygy geçirildi

Azerbaýjan bilen Türkmenistan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmen-tatar iş toparynyň nobatdaky mejlisi gecirildi