ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio G20 sammitinden soň ýakyn wagtda Gazagystana giň gerimli sapar etmegi meýilleşdirýär.
Bu barada Gazagystanyň Daşary işler ministrligi edaranyň ýolbaşçysy Muhtar Tleuberdiniň ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio bilen geçiren duşuşygynyň netijeleri boýunça mälim etdi.
«Taraplar söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny berkitmäge aýratyn üns bermek bilen, giňeldilen strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Olar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn depginini belläp, amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge, özara haryt dolanyşygyny artdyrmaga we bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar» diýlip, habarda bellenilýär.
Ministrlik taraplaryň ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň, şol sanda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň 2025-nji ýylyň noýabr aýynda geçiren duşuşygynyň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegine aýratyn üns berendiklerini nygtady.
«Taraplar, şeýle hem Maýamide geçiriljek G20 sammitine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşdylar. Mundan başga-da, Rubio G20 sammitinden soň ýakyn wagtda Gazagystan Respublikasyna giň gerimli sapar etmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady» diýlip, ministrligiň habarynda aýdylýar.
