JEMGYÝET

Putin: Russiýa 2030-njy ýyla çenli Hazar deňzini öwrenmek boýunça maksatnamany işläp düzer

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Russiýanyň 2030-njy ýyla çenli Hazar deňzini öwrenmek boýunça maksatnamany işläp taýýarlaýandygyny, şeýle hem deňziň suw derejesiniň üýtgemegini çaklamak üçin emeli aňdan peýdalanyp, Hazaryň sanly nusgasyny döretmegi meýilleşdirýändigini aýtdy.

Putin bu barada “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Hazar ekologiýa sammitinde çykyş etdi.

«Russiýanyň hökümetinde Hazar deňziniň derejesiniň üýtgemegini öwrenmek we onuň ýaramaz netijelerini azaltmak boýunça toplumlaýyn maksatnama taýýarlanylýar. Maksatnama 2030-njy ýyla çenli döwri öz içine alýar. Ol köp sanly ylmy barlaglary geçirmegi göz öňünde tutýar. Elbetde, olaryň netijelerini ähli degişli ulgamlar bilen paýlaşarys» diýip, Prezident belledi.

Ol şeýle hem Hazar deňziniň sanly nusgasyny döretmek baradaky Russiýanyň teklibini aýratyn nygtamak isleýändigini aýtdy.

«Gürrüň bugarma hadysalarynyň, ygallaryň we derýalardan gelýän suw akymynyň dinamikasyny seljermek esasynda emeli aň algoritmlerinden peýdalanyp dörediljek ýokary takyklykdaky wirtual model barada barýar. Bu modeliň kömegi bilen Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemeginiň ygtybarly ssenariýalaryny hasaplamak mümkin bolar» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Putiniň aýtmagyna görä, bu modeli gämi gatnaw ugurlaryny anyklamak we olara düzediş girizmek, şeýle hem gämi gatnawynyň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak üçin hem ulanmak bolar.

Putin Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlary bu başlangyja goşulmaga çagyrdy.

Related posts

Asya 1. Ju Jitsu Şampiyonasında açılış töreni gerçekleşti

vepa

Futsal Championship Turkmenistan 2020

vepa

Daşoguz welaýatynda gowaça ekişine girişildi

Ata Watan Eserleri