JEMGYÝET

Pezeşkian «GDA+1» formatyny döretmegi teklip etdi

Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian Tähranyň GDA bilen özara gatnaşyklaryny ýola goýmagy üçin «GDA+1» formatyny döretmegi teklip etdi.

Ol bu teklibi “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen GDA sammitinde öňe sürdi.

«Dialog we hyzmatdaşlyk üçin çeýe hem-de netijeli mehanizm hökmünde “GDA + Eýran” ýa-da “GDA+1” formatyny döretmek zerurdyr» diýip, ol belledi.

Şeýle hem Pezeşkian bu möhüm we strategik sebitiň ýurtlarynyň köp polýarly dünýäni kemala getirmekde esasy orun eýelemelidigini aýtdy.

«Biz bölünişigiň deregine birleşmegi, güýçden düşürýän bäsdeşligiň deregine hyzmatdaşlygy, bir taraplaýyn garaşlylygyň deregine özara baglanyşygy, howplara esaslanýan howpsuzlygyň deregine bolsa ynama we umumy bähbitlere esaslanýan howpsuzlygy isleýäris» diýip, ol nygtady.

Related posts

Megan Markl çagalar üçin kitap ýazdy

Diýarymyzyň iň gowy etrabyna baýragy gowşuryldy

Saýlaw möwsümi başlaýar : Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary

Ata Watan Eserleri