BIZNES

Türkmenistan “CASCA+” halkara multimodal ugruny ösdürmäge gatnaşar

Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň demir ýol edaralary “CASCA+” halkara multimodal ugruny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça altytaraplaýyn teswirnama gol çekdiler.

Özbegistanyň Ulag ministrliginiň habaryna görä, resminama 7–8-nji oktýabrda Daşkent şäherinde geçirilen alty ýurduň demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň netijeleri boýunça gol çekildi.

Taraplar ugur boýunça ýük akymyny artdyrmak, sowadyjy konteýnerlerde ýük daşamak üçin bäsdeşlige ukyply nyrhlary girizmek, ýol ugrunda bütin dowamynda fiting platformalarynyň yzygiderli üpjün edilmegini gazanmak we portlarda konteýnerleriň boş durýan wagtyny azaltmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gol çekilen teswirnama gazanylan ylalaşyklary berkidýär we mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýär.

Related posts

Türkmenistan “Fitch Ratings” halkara agentligi bilen hyzmatdaşlygyny dowam etdirer

Ýapon kompaniýasy Türkmenistanda dökün öndürer

Ata Watan Eserleri

Türk şirketleri, Türkmenistan’da 1010 proje hayata geçirdi

vepa