18-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasyndaky ileri tutýan ugurlaryna bagyşlanan brifing geçirildi. Brifinge Ata Watan Media hem gatnaşdy.
Brifingde Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň arasynda emeli aň, sanly ynanyşmak we howpsuzlyk meselelerine aýratyn orun berilýändigi mälim edildi. Hususan-da, halkara gatnaşyklarynda we diplomatiýada emeli aňy parahatçylykly ulanmak boýunça halkara kodeksini işläp taýýarlamak hem-de Aşgabatda sanly ynanyşmak we emeli aňy jogapkärçilikli ulanmak boýunça halkara bilermenler dialogyny geçirmek teklip edilýär.
Türkmenistanyň BMG-niň 81-nji sessiýasyndaky ileri tutýan ugurlary bäş esasy ugurda jemlenýär: parahatçylyk, howpsuzlyk we Bitaraplyk; durnukly ösüş we ulag; energetika, howa we daşky gurşaw; ynsanperwer hyzmatdaşlyk; halkara hukuk we BMG-niň işine gatnaşmak.
Parahatçylyk we howpsuzlyk ugrunda öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmek, 2027–2037-nji ýyllary BMG-niň Dialog we öňüni alyş diplomatiýasy boýunça onýyllygy diýip yglan etmek hem-de Aşgabatda degişli utgaşdyryjy meýdançany döretmek teklip edilýär.

Ulag ulgamynda 2026–2035-nji ýyllar üçin BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygyny durmuşa geçirmek, durnukly ulag arabaglanyşygynyň Global atlasyny döretmek, Aşgabat prosesini ösdürmek hem-de Günorta we Merkezi Aziýa–Hazar deňzi–Ýewropa ulag geçelgesini ilerletmek göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem 2024–2034-nji ýyllar üçin Awaza Hereketler maksatnamasyny durmuşa geçirmek, durnukly söwda logistikasy we gümrük hyzmatdaşlygy boýunça halkara merkezini döretmek teklipleriniň üstünde duruldy.
Energetika boýunça ygtybarly we durnukly energetika arabaglanyşygyny ösdürmek, energiýa akymlaryny syýasylaşdyrmazlyk, energetika serişdelerine we tehnologiýalaryna deňhukukly elýeterliligi üpjün etmek, turbageçirijileriň, elektrik geçiriji ulgamlaryň, ulag geçelgeleriniň we beýleki serhetüsti möhüm infrastrukturalaryň howpsuzlygy boýunça köptaraplaýyn dialog geçirmek ileri tutulýar.
Howa, suw we daşky gurşaw meselelerinde bolsa Aşgabat klimat dialogyny ösdürmek, gurak we suw ýetmezçiligi bolan sebitleriň howa durnuklylygyny ýokarlandyrmak, gidrologik we klimat monitoringini hem-de irki duýduryş ulgamlaryny ösdürmek, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem Hazar deňzi we Aral deňziniň basseýni bilen bagly ekologik başlangyçlary öňe sürmek göz öňünde tutulýar.
Brifingde Merkezi Aziýada parahatçylygy, ynanyşmagy we hyzmatdaşlygy berkitmek, suw we ekologiýa meselelerini bilelikde çözmek, ulag, energetika, söwda, sanly, medeni we ynsanperwer arabaglanyşyklary ösdürmek, şeýle hem Owganystanyň parahatçylygyny, durnuklylygyny we durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegini goldamak meselelerine hem üns çekildi.
