DÜNÝÄ

Konsullyk meseleleri boýunça türkmen-ermeni geňeşmeleri geçirildi

Ýerewan şäherinde Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda iki döwletiň degişli edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Türkmen wekiliýetine Daşary işler ministrliginiň konsulluk gullugy departamentiniň başlygy Döwletmurat Muratow, ermeni tarapyna bolsa Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Konsullyk müdirliginiň başlygy Artur Petrosýan ýolbaşçylyk etdi.

Geňeşmeleriň dowamynda taraplar konsullyk pudagynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Fiziki we ýuridiki şahslaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramaga, raýatlyk meselelerine, şeýle hem iki ýurduň raýatlarynyň özara syýahat etmeginiň şertlerine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar degişli teswirnama gol çekdiler we konsullyk gatnaşyklarynyň ähli ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Related posts

Türkmenistan-Türkiýe-Azerbaýjan daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Ata Watan Eserleri

680 dollarlyk kofe Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

22-nji aprel Bütindünýä Zemin güni