DÜNÝÄ

Ilon Mask Trampyň administrasiýasyny terk edýär

Milliarder we ABŞ-nyň Hökümetiň Netijelilik Departamentiniň (DOGE) başlygy Ilon Mask Amerikanyň administrasiýasynyň düzümindäki ygtyýarlygynyň gutarýandygyny aýdyp, Prezident Donald Trampa minnetdarlyk bildirdi.

“Ýurduň ýörite döwlet gullukçysy hökmünde ygtyýarym tamamlanýarka, maňa isripçilige garşy çykmak üçin döredilen mümkinçilik üçin prezident Donald Trampa sagbolsun aýdýaryn” diýip, ol “X” sosial ulgamyndaky sahypasynda ýazdy.

“DOGE-niň missiýasy wagtyň geçmegi bilen güýçlenmegini dowam eder, sebäbi ol döwleti dolandyrýan ähli edaralarda ýaşaýyş durmuşynyň bir bölegine öwrüler” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Tramp wezipesine girişenden soň, Mask “ýörite döwlet gullukçysy” wezipesine bellenipdi, bu hem onuň ýylda 130 gün döwlet üçin işlemegine mümkinçilik berýärdi. 20-nji ýanwarda bolan wezipe girişmek dabarasy göz öňünde tutulanda, bu möhlet maý aýynyň ahyrynda tamamlanýar.

Related posts

Özbegistanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Koreýa Respublikasyna bardy

Türkmenistan-BAE: ýaş diplomatlar üçin diplomatik okuwlary guralar

Ata Watan Eserleri

Daşoguz şäherinde dört gatly öýleriň 70-si açyldy