DÜNÝÄ

Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap ýurtlarynyň duşuşygyna taýýarlyk görülýär

Özbegistanyň daşary işler ministriniň birinji orunbasary Bahromjon Aloýew Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň we Gazagystanyň ilçileri bilen duşuşdy.

Duşuşykda Özbegistan bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem duşuşykda esasan hem “Merkezi Aziýa-Aýlagdaky arap döwletleriň hyzmatdaşlyk Geňeşi” strategik dialogyň çäklerinde sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen bilelikdäki çäreleri guramagyň meseleleri barada pikir alşyldy.

Üstümizdäki ýylda “Merkezi Aziýa — Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi” sammitini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Related posts

Özbekistan’ın başkenti Taşkent’te Aşkabat Parkı açıldı

vepa

Türkmen-ýapon parlamentara gatnaşyklary maslahatlaşyldy

Amerikada Green Kart boýunça täzelik bar: “DV-2027” yglan edilermi?

Dr.Döwran Orazgylyjov