SPORT

Türk tälimçi saud toparyna tälim berer

Saud Arabystanynyň “Al-Şabab” topary Türkiýäniň meşhur futbol tälimçisi Fatih Terim bilen şertnama baglaşdy. Saud toparynyň ýolbaşçysy Mohamad Almunajemiň gatnaşan dabarasynda türk hünärmen bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşyldy.

Türk hünärmen täze toparyndan 1 million 750 müň dollar gazanar. Häzirki wagtda saud topary Katarda türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär.

Saud toparynyň ozalky tälimçisi Wiktor Pereýranyň Angliýanyň milli çempionatyna gitmegi bilen Fatih Terim bu topar bilen ylalaşdy.

Häzirki wagtda bu topar Saud Arabystanynyň milli çempionatynda 6-njy orunda barýar we çempionatyň öňdebaryjysy bilen arasynda 13 utuk aratapawut bar.

Related posts

Kuraş-2023: milli ýygyndymyz «Türgenler» myhmanhanasyna ýerleşdiler

Kuraş-2023: Sowgatlyk we ýadygärlik harytlar

Ata Watan Eserleri

Türkmen agyr atletikaçylary hytaýly hünärmen bilen halkara ýaryşlara taýýarlanýar