SPORT

Ronaldo tälimçisiz galdy

Kristiano Ronaldonyň çykyş edýän Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” topary portugaliýaly hünärmen Luis Kastronyň toparyň baş tälimçisi wezipesinden boşadylandygyny habar berdi.

– “Al-Nasr” topary bolup, Luis Kastro hem-de onuň egindeşlerine soňky 14 aýyň dowamynda eden yhlasy üçin sag bolsun aýdýarys. Geljekde üstünlik arzuw edýäris” -diýlip, saud toparynyň metbugat beýanatynda bellenilip geçilýär.

63 ýaşly tälimçsi 2023-nji ýylyň iýul aýynda “Al-Nasryň” baş tälimçisi wezipesine bellendi. Bu döwürde Saud Arabystanynyň kluby ähli ýaryşlarda 54 oýun oýnady, 36 gezek ýeňiş gazandy, dokuz gezek deňme-deň oýnady we dokuz gezek ýeňildi.

Häzirki “Saud Pro” ligasynyň möwsüminiň üç tapgyryndan soň, Saud Arabystanynyň kluby bäş utuk toplady we ýedinji orunda barýar.

Related posts

3-nji tapgyryň iki duşuşygy geçirildi

CIES dünýäniň iň gymmat ýaş futbolçysyny kesgitledi

“Real” – 35-nji gezek Ispaniýanyň çempiony boldy