JEMGYÝET

Prezident Ärdogan Türkmenistanyň Prezidentini Oraza baýramy bilen gutlady

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Oraza baýramy mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Hususan-da bu gutlag hatynda şeýle diýilýär:

– Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňizi tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu mukaddes baýramyň dostlugyň, raýdaşlygyň we doganlygyň gymmatlygyny ýatladyp, musulman ymmatyna we tutuş adamzada parahatçylyk, asudalyk we bolelinlik getirmegini arzuw edýärin.

 

Related posts

15-nji iýuldaky howa maglumaty

2024-nji ýylyň iň gowy etraby – Sakarçäge etraby

30 ýyllyk Maksatnamada göz öňünde tutulýan ugurlar

Ata Watan Eserleri