DÜNÝÄ

Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Türkmenistanda saparda bolýar

Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda iş saparynda bolýar. Bu barada azerbaýjan metbuagty habar berýär.

Azerbaýjanyň ministri Mikail Jabbarow türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew bilen Aşgabatda geçirilýän “Agro-Pack Turkmenistan 2023” halkara sergisine aýlanyp gördi.

– Sergide önümçiligiň innowasion çözgütleri görkezilýär. Senagat, oba hojalygy, azyk önümleriniň önümçiligi . dokma senagaty, logistika, gurluşykýaly ugurlarda iş alyp barýan halkara kompaniýalarynyň hyzmatlary bilen tanyşdyk.  Bu hyzmatlar ykdysady netijeliligi ýokarlandyrmagy, serişdelerini netijeli peýdalanmagy, şeýle hem ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda döwrebap çözgütleriň kabul edilmegini üpjün eder – diýip,  Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow özüniň jemgyýetçilik tory arkaly habar berdi.

Mälim bolşy ýaly, şu günler Aşgabatda türkmen-azerbaýjan işewürler forumy hem geçiriler. Şeýle hem  ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň nobatdaky 7-nji mejlisi guralar.

Related posts

Bakanlar Kurulu’nda Ocak-Ekim ayları değerlendirildi

vepa

Tramp täze Rim Papasyny gutlady

Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleriniň duşuşygy