DÜNÝÄ

Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň ýolbaşçysynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Aşgabada iş sapary bilen gelen Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Nagata Kýosuke bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň gerimi boýunça pikir alyşdylar.

W.Hajiýewiň belleýşi ýaly, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň özara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biri hem medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk bolup durýar. Şu nukdaýnazardan ugur alyp ylym , bilim, ýapon dilini öwrenmek ulgamlarynda işjeň hyzmatdaşlyk bellenilip geçildi.

Taraplar Sukuba uniwersiteti bilen D.Azady adyndaky Türkmen Milli dünýä diller instituty hem-de Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeň ösüşi barada hem belläp geçdiler.

Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda alyş-çalyş bilim maksatnamalarynyň çäginde özara gatnaşyklary hasam giňeltmegiň geljegi nygtaldy.

Related posts

Turkmen-American political consultations were held

vepa

Beýik Britaniýanyň Patyşasy ABŞ-da saparda bolýar

Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijä gynanç bildirdi