DÜNÝÄ

Merkezi Aziýa Serhet goşunlarynyň serkerdeleriniň forumy

2023-nji ýylyň 27-nji we 28-nji aprelinde Wena şäherinde ÝHHG-nyň gurnamagynda “Baş sekretar we Merkezi Aziýa serhet serkerdeleriniň forumy” geçirildi. Foruma Türkmenistanyň Döwlet Serhet gullugynyň başlygynyň orunbasary Babamurat Ýagşymow gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Wenadaky ilçihanasy habar berýär.

Duşuşykda esasan Merkezi Aziýa Serhetleriň howpsuzlygy we dolandyryşy bilen baglanyşykly tematiki ösüşleri, şol sanda Owganystandan döreýän töwekgelçilikleri we kynçylyklary, olaryň Merkezi Aziýa we beýleki ýurtlara ýetirýän täsirini, sebitleýin hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň ýollaryny we bu ugurdaky ÝHHG-nyň orny ara alyp maslahatlaşyldy.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Mongoliýanyň Prezidentini gutlady

102 ýaşynda daga çykyp, Ginnesiň rekordyna eýe boldy

Ata Watan Eserleri

Aleksandr Lukaşenko 2025-nji ýyldaky saýlawlara gatnaşar

Leave a Comment