DÜNÝÄ

Howanyň üýtgemegi boýunça halkara maslahat

Şu gün Müsüriň Şarm-el-Şeýh şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça halkara maslahaty öz işine başlady.

Dünýä döwletleriniň ýolbaşçylary şu maslahat üçin Müsüre bardylar. “Cop27” sammitinde ählumumy maýylganlyga garşy göreşmek babatda möhüm çüzgütleriň kabul edilmegine garaşylýar.

BMG-niň howanyň üýtgemegi boýunça konwensiýasynyň ýerine ýetiriji sekretary Saýmon Still daşky gurşawy goramak babatda täze döwrüň başlanandygyny mälim etdi.

BMG-niň howanyň üýtgemegi boýunça çarçuwaly konwensiýasy 1994-nji ýylyň 21-nji martynda güýje girdi. Ol adamzadyň ekoulgama ýetirýän täsirini azaltmak üçin kabul edildi. Konwensiýa ähliumumy ykrarnama eýe bolup, onuň 198 döwlet tassyklady. 2015-nji ýylda bu konwensiýanyň işini ilerletmek boýunça Pariž ylalaşygy kabul edildi.

“Cop26” sammiti 2021-nji ýylda Beýik Britaniýada geçirilipdi.

Related posts

Aşgabatda Ýewropa güni mynasybetli köpçülikleýin sport çäresi guraldy

Azerbaýjanda Şäherleriň Bütindünýä Forumy başlaýar

Ata Watan Eserleri

Laos Wladimir Putine pil sowgat berdi

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment