SPORT

Ronaldosyz Çempionlar ligasy başlady: ilkinji duşuşyklar geçirildi

20 möwsümden soňra dünýäniň ýyldyz futbolçylaryndan Kristiano Ronaldosyz UEFA-nyň çempionlar ligasy badalga aldy. Ronaldonyň ýaşyl meýdançadaky esasy bäsdeşi Lionel Messi Çempionlar ligasyndaky 19-njy möwsümine başlady. Häzirki wagtda Çempionlar ligasynda iň köp çykyş eden derwezeban Iker Kalsilýasdyr. Ol bu ýaryşda 21 möwsümde çykyş etdi.

Ine, ýokarda agzalyp geçilen käbir gyzykly maglumatlar bilen Çempionlar ligasynyň nonatdaky möwsümi başlady. Ilkinji duşuşyklar geçirildi.

Messili, Neýmarly we Mbappeli “PSŽ” topary “Ýuwentus” toparyny 2:1 hasabynda ýeňdi. Şeýle hem geçne ýylyň çempiony “Real Madrid” topary “Seltik” toparyny 3:0, Ukrainanyň “Şahtýor” topary Germaniýanyň “Leipsig” toparyny 4:1 we Angliýanyň “Mançester Siti” topary “Sewilýa” toparyny 4:0 ýaly uly hasaplar bilen ýeňmegi başardy.

ÇEMPIONLAR LIGASYNYŇ ILKINJI DUŞUŞYKLARYNYŇ NETIJELERI

«Dinamo Zagreb» – «Çelsi» – 1:0

«Borussiýa Dortmundt»  – «Kopengagen» – 3:0

«Zalsburg»  – «Milan» – 1:1

«PSŽ»  – «Ýuwentus» – 2:1

«Benfika» – «Makkabi» – 2:0

«Seltik» – «Real» – 0:3

«Leipsig» – «Şahtýor» – 1:4

«Sewilýa» – «Mançester Siti» – 0:4

35 GOL GEÇIREN IŇ ÝAŞ FUTBOLÇY

Fransiýanyň “PSŽ” toparynyň ösüp barýan ýyldyzy Kilian Mbappe Çempionlar ligasyndaky geçiren gollarynyň sanyny 35-ä ýetirip, bu görkezijä eýe bolan iň ýaş futbolçy boldy. Ol toparyň “Ýuwentus” bilen geçirilen duşuşynda 2 goly hem öz adyna ýazdyrdy.

 

Related posts

60 ýaşly pensioner welosipedli Ewereste çykdy

Honda 5 aýry yklymda tapawutlanan futbolçy

Ata Watan Eserleri

Futbol boýunça dünýä çempionaty üçin 1 milliondan gowrak bilet satyldy

Ata Watan Eserleri