BIZNES

«Türkmenhowaýollary» agentligi täze uçarlar satyn alar

Ýurdumyzyň «Türkmenhowaýollary» agentligi täze uçarlar satyn alar. Bu barada “orient.tm” internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Internet sahypasyndaky habara görä, Türkmenistanyň Prezidenti “2012-2030-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň milli maksatnamasynda” göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek hem-de ýük gatnawynyň möçberini artdyrmak babatda degişli Karara gol çekdi.

Bu resminama laýyklykda, «Türkmenhowaýollary» agentligine Fransiýanyň «Airbus S.A.S.» kompaniýasy bilen «P2F» modifikasiýaly «A330-200» kysymly uçarlaryň 2-sini satyn almak babatda şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Şeýle görnüşli uçarlaryň ýük göterijilik kuwwaty 59 tonna, uçuş menzil aralygy bolsa 7400 kilometre deňdir.

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

 

Related posts

Türkmenistan Türkiýä tebigy gaz ibermekde öňdäki orunlary eýeleýär

Aşgabat – Astrahan – Kazan ugry boýunça uçar gatnawy maslahatlaşyldy

Türkmen Banklarynda Ýeňillikli karz mümkinçiligi

vepa