TEHNOLOGIÝA

2020-nji ýylyň programmalary

«App Annie»-niň bilermenleri 2020-nji ýylyň iň meşhur ykjam programmalaryň sanawyny yglan etdiler. Sanawyň başyny «TikTok», «Tinder» we «Facebook» çekýär.

Sanawda programmanyň hili, olaryň ýüklenip alnan mukdary, ulanyjylaryň ondan peýdalanmak üçin sarp eden pulunyň mukdary we işjeňligi ýaly aýratynlyklar göz öňünde tutuldy.

Sanawa görä, «TikTok» 2020-nji ýylda iň köp ýüklenen programma boldy. Bilermenler 2021-nji ýyla çenli wideo paýlaşmakda ýöriteleşen sosial ulgamyň işjeň ulanyjylarynyň sanynyň bir milliarddan geçjekdigini çaklaýarlar.

«Facebook», «WhatsApp», «Zoom» we «Instagram» sanawyň ilkinji bäşligine giren programmalar boldy.

Mundan başga-da, ulanyjylar 2020-nji ýylda iň köp serişdäni «Tinder» tanyşlyk programmasyny ýükläp almak üçin sarp etdiler, «Facebook» bolsa iň işjeň ulanylan programma boldy.

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

Related posts

Türkmenistan bilen Pakistan maglumat tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

Ýaponlar iň güýçli kompýuteri işe girizdiler

Awtoulag pudagyna 23 milliard ýewrolyk maýa goýum

Ata Watan Eserleri