BIZNES

Türkmenistanda düşek önümçiligi ýola goýuldy

«Aýbölek» mebel fabrigi dürli görnüşli mebeller bilen birlikde ýokary hilli düşekleriň (matras) hem önümçiligini ýola goýdy. Bu önümçilik boýunça ýörite kärhana Ak bug­daý et­ra­by­nyň çä­gin­de ýerleşýär.

«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, bu ýerde öndürilýän düşekler hä­zir­ki wagt­da «Tä­sin» ha­ryt ny­şa­ny bi­len giň köp­çü­li­ge hö­dür­le­nil­ýär. Her gün­de 300 sa­ny dü­şek ön­dür­mä­ge müm­kin­çi­li­gi bo­lan za­wo­dda ra­hat uky­ny söý­ýän müş­de­ri­le­riň ta­lap­kär is­le­gi­ni ka­na­gat­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, iň hä­zir­ki za­man en­jam­lar ula­nyl­ýar, önüm­le­riň aras­sa­çy­lyk de­re­je­si­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. «Tä­si­niň» dü­şek önüm­le­ri dür­li be­lent­lik­de, te­kiz gap­la­nan hem-de iki ta­rap­ly ulan­ma­ga ni­ýet­le­nen bo­lup, bak­te­ri­ýa­la­ra we al­ler­gi­ýa gar­şy go­rag se­riş­de­le­ri bi­len üp­jün edi­len­dir.

Täze önümleriň nusgalary Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň ýakynda Aşgabatda geçirilen sergisinde görkezildi.

 

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

Related posts

Her ýyl iri taslamalara 10 milliard dollar gönükdirilýär

Deňiz söwda floty:2023-nji ýylyň 8 aýy boýunça daşalan ýükleriň ösüş depgini

İyotlu Yemek Tuz üretimi artacak

vepa