BILIM

Uçurymlardan synag alynmaz

Täjigistanyň hökümeti ýurtda koronowirusyň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, orta mekdepleriň uçurymlaryna mekdebi tamamlandygy baradaky şahadatnamalary döwlet synaglary geçirilmesizden bermek kararyna geldi.

Ýurduň Bilim ministrligi tarapyndan berlen beýanata görä, gutardyş synaglarynyň bahalary okuwçylaryň şol dersler boýunça soňky üç aýyň içinde alan bahalaryna esaslanyp goýlar.

Şeýle-de bolsa ministrlik tamamlanan okuw ýylynda has göreldeli okan, bäsleşiklerde ýeňiji bolan uçurymlara ýörite sowgatlary gowşurmakçy. Bu dabarany geçirmek biraz soňa goýuldy.

Related posts

Türkmen okuwçylarynyň Halkara Mendeleýew himiýa olimpiadasyndaky üstünligi

Talyp-2022: orta hünär mekdeplerinde täze hünärler açyldy

Türkmenistanyň bilim ministri Parižde GEM 2026 hasabatynyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşdy