SPORT

“Zenit”: Azmuny goýberdi, Albertony aldy

Russiýanyň Sankt-Peterburg şäheriniň “Zenit” topary Serdar Azmuny Germaniýanyň “Baýer” toparyna gitmäge rugsat berdi, şol bir wagtda braziliýaly hüjümçi Ýuri Alberto bilen şertnama baglanyşdy.

“Zenit” bilen “Baýer” topary eýranly futbolçy Azmunyň şertnamasy boýunça ylalaşdy. Germaniýanyň “Baýer” topary bilen şertnama baglanyşan Azmun tomusda bu toparyň düzümine goşulmalydy. Ýöne iki toparyň arasynda gazanylan ylalaşyga laýyklykda, Azmunyň ýakyn wagtda nemes toparynyň düzümine goşulmagyna mümkinçilik döredildi.

Şol bir wagtda “Zenit” topary Azmunyň ornuna täze futbolçy bilen şertnama baglaşdy. Rus topary Braziliýanyň “Internasional” toparynyň 20 ýaşly hüjümçisi Ýuri Alberto bilen şertnama baglaşdy. Bu şertnama 5 ýyl möhlete baglaşyldy.

 

Harby-deňiz mekdebi okuwa çagyrýar!

Related posts

Ronaldo “Ýuwentusdan” gidip biler

Ýer titremede ejir çekenler üçin Ronaldonyň köýnekçesi satyldy

“Liwerpul” iň gymmat düzümli topar

Ata Watan Eserleri