DÜNÝÄ

Ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň guramagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi.

Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalarynyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň wekilleri, şeýle-de institutyň mugallymlarydyr bagtyýar talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda çykyş edenler 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip atlandyrylmagynyň ýaşlara bildirilýän uly ynamdygyny we ýaşlaryň öz gezeginde halkyň, ýurduň ykbalyna dahylly bolmaly adamlardygyny nygtadylar. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny gazanmagy, olaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramagy, döwrebap bilim almaklaryny üpjün etmegi, ýaş nesilleri watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemegi häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň hatarynda kesgitlenýär.

Dabaraly maslahatyň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» atly edebi-sazly kompozisiýa bilen başlap, “Arkadagly Serdar” atly syýasy aýdym bilen jemlenmegi joşgunly ýaşlar ýylynyň dabaraly medeni çärelerine özboluşly badalga boldy.

Ýene-de okaň

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda ulag we telekommunikasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan Hytaý bilen ýokary tehnologiýalar pudagyny ösdürmäge taýýardyr

Ilçi: Azerbaýjan bilen Türkmenistan strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler

Türkmen-Hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Çehiýa Azerbaýjandan tebigy gaz satyn alar

Beýik Britaniýanyň Patyşasy ABŞ-da saparda bolýar