Döredilen senesi: 2009-njy ýylda 80 orunlyk we 2011-nji ýylda 200 orunlyk täze bina guruldy.
Salgysy: Ahal welaýatynyň Bäherden etraby “Ýyly suw” şypahanasy.
Iş telefony: 800-131-2-38-51 , 800-131-2-37-98.
Faks: 993 800-131-2-38-51.
E-mail: yyly-suw@online.tm
Biz Size Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň saýtynda ýerleşdirilen “Ýyly suw” şypahanasy baradaky maglumaty ýetirýäris.
“Ýyly suw” şypahanasy Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň günortasynda 9 kilometr uzaklykda, Köpetdagyň eteginde ýerleşýär. Mineral suwlarynyň bejerijilik aýratynlyklary 1974-nji ýyldan bäri mälimdir. “Ýyly suw” şypahanasynyň täze taryhy 2009-njy ýylyň 28-nji noýabryndan başlanýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gurlan şypahananyň 80 orunlyk binasy açyldy. 2011-nji ýylyň dekabr aýynda 200 orunlyk täze bina gurlup ulanmaga berildi.
“Ýyly suw” şypahanasynda jemi 6 sany dik guýular bar.
№ 16 guýy sulfat, magniý-natrili minerallaşmasy 1,7-2,2 (pH 7,5) temperaturasy 24º çuňlugy 600 metr.
№ 17 guýy sulfat, magniý- natrili minerallaşmasy 2,2-2,5 (pH 7,6) temperaturasy 33º çuňlugy 800 metr.
№ 16, 17 guýylar goşundysyz häsiýetsiz suwlar toparyna degişli.
№ 18 guýy gowşak sulfitli sulfat, kalsiý-natriýli minerallaşmasy 2,8 (pH 7,8) temperaturasy 28º Serowodorod 20-25 mg/dm³ çuňlugy 1200 metr.
№ 19 guýy gowşak sulfitli sulfat-natriýli minerallaşmasy 4,1 (pH 7,3) temperaturasy 38º Serowodorod 55 mg/dm³ çuňlugy 1800 metr.
№ 20 guýy orta sulfitli hlorid sulfatly kalsiý-natrili minerallaşmasy 5 (pH 7,4) temperaturasy 49º Serowodorod 80-85 mg/dm³ çuňlugy 2000 metr.
№ 21 guýy orta sulfitli hlorid sulfatly kalsiý-natrili minerallaşmasy 5 (pH 7,4) temperaturasy 50º Serowodorod 80-85 mg/dm³ çuňlugy 2100 metr.
“Ýyly suw” şypahanasyndaky № 16; 17 guýylaryň suwlaryny bejeriş naharhana suwunyň kesel bejeriş häsiýetlerini anyklamak maksady bilen, köp wagtlaryň dowamynda geçirilen synaglaryň we barlaglaryň netijesinde bu mineral suwlary kesel bejermekde peýdalanmagyň usullary işlenip düzüldi.
Bölümleri:
- Anyklaýyş bölüminde ultrases barlagy, elektrokardiografiýa barlagy, barlaghana barlaglary geçirilýär.
- Mineral suw bilen bejeriş bölüminde: mineral suw bilen adaty wanna görnüşinde, mineral suwa howa akymyny goşup suw asty owkalama görnüşinde, şarko duşy, aýlawly duş, aşakdan we ýokardan iniji duşlar arkaly bejergiler amala aşyrylýar.
- Fizioterapiýa bölüminde: dermanly elektrofarez, ionofarez, şöhle bilen bejeriş, ultrases bejergisi, ingolýasiýa, iňňe bilen bejeriş, adaty bejeriş owkalama, fitoterapiýa, parafin, ozokerit hem-de palçyk ýapgylary bilen bejeriş, bejeriş bedenterbiýe otagynda bolsa, fiziki maşklary arkaly dikeldiş-sagaldyş bejergileri geçirilýär.
Gidrokolonoterapiýa otagynda bolsa, ýogyn içegäni suw bilen ýuwmak bejergisi geçirilýär
Görkezmeler:
- Bedeniň daýanç-hereket synalarynyň keselleri: Dowamly artritler we rewmatiki poliartritler, dowamly spondiloarttiritler.
- Ýürek damar ulgamynyň keselleri: I-II derejeli arterial gipertoniýa, ýürek işemiýa keseli, miokarditler,miokardiodistarfiýa, koronar we beýni ganaýlanyşynyň bozulmalary.
- Nerw ulgamynyň keselleri: Merkezi we çetki nerw ulgamlarynyň kesellerinde hem-de şikesden soňky ýagdaýlarda, nerw ulgamynyň funksional kesellerinde, radikulit, poliradikulit, pileksit, newrit, kelle beýni şikeslerinden soňky ýagdaýlar, newrozlar.
- Bedeniň iýmit siňdiriş ulgamynyň keselleri: Dowamly gastritler ýiti däl döwründe, duedenit, holosestit, kolit, aşgazana we on iki barmak içegä ýara düşüp ýiti däl döwründe, inçe we ýogyn içegäniň dowamly sowuklama kesellerinde ýiti däl döwründe, bagryň we öt halta ýollarynyň dürli dowamly kesellerinde, öt çykaryjy ýollaryň diskineziýalarynda.
- Deri keselleri: Psoriaz, neýrodermitler, ekzemalar, dermatitler, demrewler, witiligo.
- Allergiki keseller: Allergiki dermatit, iýmit we derman serişdelere allergiki reaksiýalar.
- Jyns agzalarynyň keselleri: Endometrit, uretrit, kolpit.
- Endokrin keselleri: Süýjüli diabetiň 2-nji tipi, galkan şekilli mäziň ýod ýetmezçiliginden döreýän kesellerinde.
Garşy görkezmeler:
- Hemme keselleriň ýiti döwri.
- Ýürek damar keselleriniň dekompensasiýa döwri.
- Ganaýlanyşygynyň bozulmasynyň 3-nji derejesi.
- Howply täze döremeler.
- Inçekesel.
- Hirurgiki bejergini talap edýän öt daş keseli.
- Ýokanç keseller.
- Göwrelilik.
- Gan akma.
- Dem gysma.
Degişli habar