DÜNÝÄ

Ysraýylyň daşary işler ministriniň Aşgabada sapary göz öňünde tutulýar

Ysraýyl Döwletiniň daşary işler ministri Eli Koeniň Aşgabada sapary 20-nji aprelde göz öňünde tutulýar. Bu barada ýurduň “The Times of Israel” neşiri habar berýär.

Internet gazetiniň habar bermegine görä, Ysraýylyň daşayr işler ministri Koeniň 18-nji aprelde Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherine sapary meýilleşdirilýär. Geçen hepde Azerbaýjan Ysraýyl döwletinde özüniň ilçihanasyny açdy.

Baku şäherinde Ysraýylyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Prezident Ilham aliýew we daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen duşuşar.

Ysraýylyň Daşary işler ministrligi şol günlerde Eli Koeniň Aşgabada saparynyň hem gurnalmagynyň mümkinçilikleriniň öwrenýär. Ministr Eli Koeniň 20-nji aprelde Aşgabada gelip, Ysraýylyň ilçihanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri Şanhaýda geçirilen emeli aň boýunça maslahatda çykyş etdi

Tramp Messiniň, Ronaldonyň we Keýniň oýnuna ýokary baha berdi

Eýranyň Beýik Ruhy Lideri hatyralandy

Türkmenbaşy bilen Batumi şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklary ýola goýlar

Endi Bernem – Beýik Britaniýanyň täze Premýer-ministri

Türkmenistan «ÝB-Merkezi Aziýa» ýokary derejeli dialogyň 13-nji mejlisine gatnaşdy