DÜNÝÄ

Türkmenistanyň gatnaşmagynda syýasy we ykdysady çäreler

Aprel aýynyň birinji 10 günlüginde Türkmenistanyň gatnaşmagynda geçiriljek möhüm syýasy we ykdysady çäreleriň birnäçesi göz öňünde tutulýar.

Olar:

4-5-nji aprel: türkmen wekiliýeti söwdanyň ilerledilmegi boýunça sebit maslahatyna gatnaşar. Bu çäre USAID-iň goldaw bermeginde Daşkent şäherinde geçiriler. Ol Merkezi Azýanyň eksportçularyna goldaw bermek maksady bilen guralýar.

4-6-njy aprel: Aşgabat şäheriniň Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda Türkmenistanyň söwda ulgamynyň, haly we dokma önümleriniň sergisi guralar.

6-njy aprel: paýtagtymyz Aşgabatdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Mejlisiniň 7-nji çagyrylyşynyň deputatlarynyň ilkinji mejlisi geçiriler.

7-nji aprel: Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli dürli çäreler guralar.

6-8-nji aprel: Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde türkmen-täjik işewürler maslahaty hem-de türkmen-täjik işewürler geňeşiniň maslahaty geçiriler.

9-10-nji aprel: Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasyna resmi sapary meýilleşdirilýär.

Related posts

BDT Başbakanlar Zirvesi, Aşkabat’ta yapıldı

vepa

Türkmenistanyň we Somaliniň daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň mejlisi

Leave a Comment