JEMGYÝET

Ysraýylyň daşary işler ministri Türkmenistana geldi

Azerbaýjandaky saparyny tamamlan Ysraýyl Döwletiniň daşary işler ministri Eli Koen Türkmenistana geldi. Bu barada Ysraýylyň neşirleri habar berýär.

Ysraýyl Döwletiniň daşary işler ministri Eli Koeniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Aşgabadyň halkara howa menzilinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Berdiniýaz Mätiýew garşylady.

Neşirleriň habar bermegine görä, daşay işler ministri beren beýanatynda Türkmenistan bilen gatnaşyklarynyň  möhüm we strategik häsiýete eýedigini belledi. Ol iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy höweslendirmegi dowam etdirjekdiklerini belläp, saglygy goraýyş we kiberhowpsuzlyk ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygyň pugtalandyryljakdygyny mälim etdi.

Eli Koen soňky 30 ýylyň dowamynda Merkezi Aziýa döwletine sapara bilen gelen ilkinji Ysraýylyň daşary işler ministri boldy.

Ministr Koen saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda Ysraýylyň ilçihanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşar.

Şeýle hem Ysraýylyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kabul edilmegine garaşylýar we birnäçe duşuşyklar geçirer.

Ýene-de okaň

Döwletjan Ýagşymyradow 31-nji iýulda nobatdaky tutluşygyna çykar

Malaýziýanyň Premýer-ministri Tatarystandan soňra Türkmenistana geler

Türkmen ýaşlary üçin Hytaýa okuwa kabul edişlik başlady

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Si Szinpini doglan güni bilen gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Si Szinpini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjana sapary meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri