PEÝDALY MASLAHAT

Ynanç hatyny tassyklatmak

“Notariat we notarial işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, notarial hereketini amala aşyrmak üçin ýüz tutan adamyň şahsyýetini anyklamak onuň şahsyýetine degişli islendik şübhelenmeleri aradan aýyrýan pasportynyň ýa-da beýleki resminamalarynyň esasynda geçirilýär.

Ynanç hatyny bermek üçin ynanç hatyny berýäniň öz ýanynda pasportynyň (ýa-da onuň ornuny tutýan resminamasynyň) we ynanylýanyň (wekiliň) pasport maglumatlary bolmalydyr.

Ynanç haty tassyklanylanda diňe ynanç haty berýäniň döwlet notarial edarasyna gelmegi zerurdyr.

Çeşme :minjust.gov.tm

Related posts

Köneürgençde döwrebap bazar boýunça bäsleşik yglan edildi

Sagdyn deriniň syrlary

Fizika Dersinden Geçiriljek Synagyň Soragnamalary