SIZDEN GELENLER

Ykdysady üstünlikleriň batly gadamlary

Berkarar döwletimizde ykdysadyýetiň pudaklarynyň hukuk binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy, maksatnamalaýyn özgertmeleriň amala aşyrylmagy we bu ugurda maýa goýum işjeňliginiň artdyrylmagy halkymyzyň durmuş-ykdysady ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrýar. Ýurdumyzyň önümçilik pudaklaryna ylmyň we öňdebaryjy tejribäniň gazananlarynyň ornaşdyrylmagy döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Milli ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak, elektron senagaty döretmek, adamyň aň-bilim maýasyna we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek häzirki döwrüň derwaýys wezipeleriniň biridir.

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ykdysady özgertmeleriniň esasynda döwrebap tehnikalaryň yzygiderli satyn alynmagy we täze tehnologiýaly önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň gurulmagy, ykdysadyýetiň pudaklarynyň sanlylaşdyrylmagy, innowasion önümçilik düzümleriň döredilmegi, ýurdumyzyň dünýä ykdysady ulgamyna goşulyşmagynyň çuňlaşdyrylmagy uzakmöhletli geljek üçin durnukly ösüşiň berk binýadyny kemala getirmäge giň mümkinçilikleri açýar.

Durnukly ykdysady ösüşi gazanmak üçin ýurdumyzda döwlet maksatnamalary we meýilnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şolaryň hatarynda «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny», «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» hem-de beýleki döwlet we pudaklaýyn maksatnamalary görkezmek bolar.

Şeýle hem, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» hem ýurdumyzy täze döwürde has depginli ösüşler gazanmagyna giň mümkinçilikler döredýär.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň sazlaşykly ösüşinde telekeçilik pudagynyň hem orny uludyr. Häzirki wagtda ýurdumyzyň hususy eýeçiliginde köp sanly hojalyk birlikleri (ýuridik şahslar) lomaý we bölek-satuw söwdasynda, awtomobilleridir, motosiklleri abatlamakda, oba hojalygynda, tokaý hojalygynda, balyk tutmakda; gurluşykda, işläp bejerýän önümçiliklerde, hünärmenlikde, ylmy we tehniki işlerde, ençeme beýleki ugurlarda has giň gerimlerde döredilýär.

Umuman, hususy işewürligiň, şol sanda-da kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegi birnäçe maksatlar esasynda alnyp baryldy. Olaryň hatarynda häzirki wagtda bar bolan sarp ediş harytlarynyň importyny ýerli önümler bilen çalyşmak, azyk bazarlarynyň haryt bolçulygyny üpjün etmek, ýerli gurluşyk materiallary senagatyny ösdürmek ýaly ugurlary görkezmek bolar.

Anna Aýrapetýan,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň 5-nji ýyl talyby.

 

Dünýäniň iň uly adasy

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk