DÜNÝÄ

ÝHHG-niň Baş sekretary Türkmenistana sapar bilen gelýär

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary (ÝHHG) Helga Şmid 4-6-njy mart aralygynda Türkmenistanda saparda bolar. Ol bu saparyň çäklerinde Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň daşky gurşawy goramak ministri hem-de Gazagystanyň ekologiýa we tebigy serişdeler ministriniň orunbasarynyň gatnaşmagynda duşuşyga gatnaşar.

ÝHHG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan guralan duşuşyga gatnaşyp, onda Merkezi Aziýa sebitindäki howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ugrunda alyp barylýan işler boýunça pikir alşar. Şeýle hem serhetaşa suw serişdelerini dolandyrmak, energetika howpsuzlygy, durnukly aragatnaşyk we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlyk baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Aşgabatda geçiriljek duşuşyk Merkezi Aziýa döwletler üçin sebitleýin hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin esasy mümkinçilikleri kesgitlemek we ÝHHG-niň bu tagallalary nädip goldap boljakdygyny ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança öwrüler.

Saparyň dowamynda Baş sekretar Şmidiň Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kabul edilmegine garaşylýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş etdi

Tramp Si Szinpiniň ABŞ-a sapar etjekdigini yglan etdi

TOBB-yň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Türkmenistanyň birža wekiliýetini kabul etdi

Lawrow we Rubio Manilada duşuşdy

Türkmenistan bilen Türkiýe birža hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministri ABŞ-nyň wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşdy