BIZNES

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky Türkmenistanda 87 taslamany maliýeleşdirdi

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky Ýewropa Bileleşiginiň iri maliýe edaralarynyň biri bolup, Türkmenistan netijeli hyzmatdaşlyklary alyp barýar. Bu maliýe edarasy Türkmenistanda umumy bahasy 333 million ýewrodan gowrak bolan 87 taslamany maliýeleşdirdi. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Häzirki wagtda Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygyny dowam etdirmek maksady bilen, täze 5 ýyllyk strategiýany işläp düzmek babatda iş alyp barýar. Täze resminamada ýurdumyzyň eksport mümkinçiligini artdyrmaga aýratyn üns berler.

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Erik Liwni “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetine beren interwýusynda bu barada durup geçdi.

1991-nji ýylda döredilen Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky döredilen gününden bäri Merkezi Aziýanyň iri maýadarlarynyň biri bolup, sebitiň hususy pudagynyň ösdürilmegine goşant goşýar.

Türkmenistanda hem bu maliýe edarasy oba hojalygyndan azyk önümçiligine, mebel önümçiliginden gurluşyk we gaplama önümçiligine, logistikadan ulag hyzmatlaryna çenli köp ugurda dürli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine goşant goşdy.

Şeýle hem Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky Türkmenistanyň bank edaralary bilen hyzmatdaşlyk edip, döwrebap maliýe gurallaryň ornaşdyrylmagy boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlyk edýän türkmen kompaniýalarynyň önümleri ýerli we daşary ýurt bazarlarynda netijeli bäsdeşlik edýär. Häzirki wagtda bank tarapyndan umumy bahasy 22 million ýewro möçberinde 15 taslama durmuşa geçirilýär.

Şeýle hem Ýewropanyň maliýe edarasy diňe bir hususy pudaga goldaw bermek bilen çäklenmän, eýsem suw serişdelerini dolandyrmak, gaýtadan dikeldilýän energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn gyzyklanma bildirýär.

Ulag ulgamy barada aýdylanda, bank Hazarüsti ulag geçelgesini ösdürilmeginiň gelejegi uly haspalaýar we Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky ýük gatnamalary babatda esasy ulag geçelgesine öwrülip biljekdigini belleýär.

Ýene-de okaň

Ýewropa Bileleşigi bilen Hindistan erkin söwda barada ylalaşyk gazandy

Täjigistanyň ykdysady ösüşi 8,4 göterime deň boldy

“Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň” taslamasy taýýarlandy

Türkmenistan Belgradda geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä sergisine gatnaşar

Ankaranyň Söwda-senagat palatasynda duşuşyk geçirildi

Täjigistanyň Ilçisi Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri bilen duşuşdy