SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Ýewropa Bileleşigi sanjym maksadyna ýetdi

Ýewropa Bileleşiginde “COVID-19” koronawrisu ýokanjyna garşy sanjym etmek işinde uly üstünlikler gazanyldy. Uly ýaşly adamlaryň 70 göterimi sanjym edildi. Bu barada Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen habar berdi.

Onuň aýtmagyna görä, 18 ýaşdan uly bolan 250 milliondan gowrak adam sanjym edildi.

– Pandemiýa entek gutarmady. Hüşgärligi elden bermeli däl. Şonuň üçin has köp ýewropalynyň sanjym edilmegini gazanmaly. Ol hem wirusyň täzeden ýaýramagynyň  hem-de koronawirsyň täze ştammlarynyň emele gelmeginiň öňüni almaga mümkinçilik berer – diýip, Ursula fon der Lýaýen diýip belledi.

Uly ýaşly ilatyň 70% -ine sanjym etdi, bu azyndan 255 million adamyň iki dozada “Pfizer / BionTech”, “AstraZeneca” ýa-da “Moderna” alandygyny aňladýar.

Şeýle hem Ursula fon der Lýaýen beýleki ýurtlara hem kömek etmegiň zerurdygyny belläp, Ýewropa Bileleşiginiň sanjymlary satmak we muzdsuz bermek babatda işler alyp barýandygyny belledi.

Mundan başga-da, ol Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň “COVAX” halkara mehanizmine hem önjeýli goşant goşýandyklaryny belledi.

 

Türkmen wekiliýetiniň BAE sapary

Ýene-de okaň

Gülşat Bakyýewa: Syýahatçylykda azerbaýjanlylaryň tejribesinden peýdalanmak isleýäris

Özbegistan 3 aýda 2,8 milliondan gowrak syýahatçy kabul etdi

Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersitetinde Adaty däl lukmançylyk otagynyň açyldy

Aşgabatda türkmen-hytaý adaty hytaý lukmançylygy merkezini döretmek boýunça ähtnama gol çekildi

Uganda türkmen syýahatçylaryny myhmançylyga çagyrýar

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda eko-syýahat guraldy

Ata Watan Eserleri