JEMGYÝET

Ýewro-2024: Niderlandlar Polşany ýeňdi

Germaniýada geçirilýän futbol boýunça Ýewropa çempionatynda “D” toparçadaky ilkinji duşuşyklar geçirildi. Bu toparçada Niderlandlar, Polşa, Fransiýa we Awstriýa bar.

Toparçanyň ilkinji duşuşygynda Niderlandlar Polşany Gamburg şäherinde geçirilen oýunda 2:1 hasabynda ýeňmegi başardy. Oýnuň 16-njy minutynda Polşadan Buksa tapawutlanyp, milli ýygyndysyny öňe geçirdi.

Niderlandlar duşuşygyň 29-njy minutynda Gakpo bilen hasaby deňledi. Oýnuň 2-nji ýarymynyň 83-nji minutynda Wegorst hasaby açyp, ýygyndysynyň 2:1 hasabynda ýeňiş gazanmagyna goşant goşdy.

Niderlandlaryň derwezeçisi Bart Werbrýuggen soňky 60 ýylda Ýewropa çempionatynyň iň ýaş derwezeçisi boldy. Ol 21 ýyl we 303 gün diýlende futbol duşuşygynda oýnady. Mundan ozal, Hose Anhel Iribar 1964-nji ýyldaky Ýewropa çempionatynda öz ýurdunyň derwezesini goranda 21 ýyl we 108 gün bolupdy.

Ýene-de okaň

Türkmen suratkeşi TÜRKSOÝ-yň ýörite baýragyna mynasyp boldy

35 çapyksuwaryň gatnaşmagynda «Amul-Hazar» atly ýörişi geçiriler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentini bedew baýramy bilen gutlady

Rustam Minnihanow: Tatarystan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmekde Russiýanyň esasy merkezi

Türkmenistanyň Hemişelik wekili BMG-niň Baş sekretaryna ynanç hatyny gowşurdy

Mary we Lebap welaýatlarynyň käbir etraplaryna täze häkimler bellenildi