JEMGYÝET

Ýewro-2024: Angliýa 1:0 hasabynda utdy

Angliýanyň milli ýygyndysy Ýewropa çempionatynyň toparçaday ilkinji duşuşygynda Serbiýanyň milli ýygyndysyny 1:0 hasabynda utdy. Şeýlelikde, Angliýa Ýewropa çempionatlarynyň toparçalardaky oýunlarynda 5 duşuşykda öz derwezesine gol geçirtmedi.

Bu duşuşgyň ýeke-täk goluny iňlis ýyldyz futbolçy Jud Bellingem 13-nji minutda geçirdi. Serbiýa bilen Angliýa soňky gezek 2003-nji ýylda ýoldaşlyk duşuşygyny geçiripdi. Şonda Angliýanyň ýygyndysy 2:1 hasabynda utupdy.

“Ç” toparçasynda Serbiýa bilen Angliýa ýany bilen Sloweniýa we Daniýa çykyş edýär.

Sloweniýa bilen Daniýa bolsa, 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady we bu duşuşyk Ýewropanyň çempionatyndaky ilkinji deňlik bilen tamamlanan oýun boldy.

Related posts

Türkmenistan’da şözel sektörden önemli yatırım

vepa

Türkmen Lider, Malezya Dışişleri Bakanı ile görüştü

vepa

Pagtaçy kärendeçiler gowaça ekişini doly tamamladylar