JEMGYÝETSPORT

Ýewro-2020: Angliýa üçin şowly ýaryş

Futbl boýunça Ýewropa çempionatynda 1/4 final tapgyrynyň duşuşyklary tamamlandy. Şonuň netijesinde, Angliýanyň hem-de Daniýanyň milli ýygynydylary 1/2 final tapgyryna çykmagy başardy.

DANIÝA ÇEHIÝANY 2:1 HASABYNDA UTDY

Daniýanyň ýygyndysy Çehiýanyň milli ýygyndysyny 2:1 hasabynda utdy. Çempionata şowsuz başlan, şeýle hem iň gowy futbolçysy bolan Kristian Erikseniň ýüreginiň durmagy, soňradan halas bolmagy bilen uly şowsuzlyklary başdan geçiren Daniýanyň ýygyndysy ýarym finala geldi.

Olar çärýek finalda Çehiýany 2:1 hasabynda utdy. Daniýanyň gollary 5-nji minutda Delaýni, 42-nji minutda Dolberg geçirdi.

Çehiýanyň ýeke-täk goluny Şik geçirdi we onuň çempionatdaky gollarynyň sany 5-e deň boldy. Bu babatda Ronaldo bilen deňleşdi.

ANGLIÝANYŇ YNAMLY ÝEŇŞI

Angliýanyň ýygyndysy çerýek finalda Ukrainanyň ýygyndysyny 4:0 hasabynda utdy. Angliýanyň ýygyndysynyň gollary 4-nji minutda Keýn, 46-njy minutda Maguaýr, 50-nji minutda ýene-de Keýn we 63-nji minutda Henderson geçirdi.

Şeýlelikde, Angliýanyň ýygyndysy üçin soňky 25 ýylyň iň şowly çempionaty boldy. Angliýanyň ýygyndysy bu çempionatda entek derwezesine gol geçirtmedi.

 

COVID-19 ýokanjyna garşy sanjymyň gerekli gory döredildi

Ýene-de okaň

Gurban Berdiýew “Spartak” toparyna tälimçi bolmandygyna ökünýär

“Kristal Pelas” UEFA-nyň Konferensiýa ligasynyň kubogyny gazandy

Türkmenistanda 59 daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň habarçylary hasaba alyndy

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmen halkynyň Milli Lideri diplomatlar bilen Arkadag şäherinde gurulýan metjide baryp gördi

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini Gurban baýramy bilen gutlady

Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri gur­ban­lyk sa­da­ka­sy­ny berdi